Prezident Erdogan täze ýyl mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, täze ýylyň ýurt, millet, köňül geografiýasy we bütin adamzat üçin düşümli bolmagyny diledi.
2024-nji ýylyň içinde Türkiye hem bolan sebitde köp sanly möhüm wakalara şaýat bolandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, 2024-nji ýylyň soňky hepdelerinde çuňňur taryhy, ynsanperwer we goňşuçylyk gatnaşyklary bolan Siriýada täze döwrüň uçgunynyň başlandygyny beýan etdi.
Täze döwrüň Siriýada hemişelik parahatçylyga, asudalyga, durnuklylyga we ykdysady abadançylyga ýetmegi üçin ähli taraplaýyn goldawy berjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan, Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri bilen bagly bolsa: "Gazadaky gyrgynçylyklara ilkinji günden başlap iň güýçli reaksiýany bildiren, wyždanly we adalatly çemeleşmesini ähli platformalarda görkezen ýurt ýagdaýyndadyrys.
Gazada we Palestinanyň beýleki topraklarynda 15 aý bäri dowam edýän gyrgynçylyklaryň bes edilmegi üçin ol ýerde-de parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin giň gerimli tagalla edýäris.Paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan 1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda azat, erkin, özygtyýarly we territorial bütewiligi bolan Palestina döwletiniň gurulmagy üçin 2025-nji ýylda-da ähli güýjümiz bilen arman-ýadaman iş alyp bararys" diýip habar berdi.
Erdogan Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşuň hem adalatly bir parahatçylyk bilen tamamlanmagynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belläp: "2025-nji ýylda demirgazygymyzda täze döwrüň başlamagyny arzuw edýäris" diýip mälim etdi.
Öňümizdäki döwürde "terrorsyz Türkiye" we "terrorsyz sebit" düşünjesini durmuşa geçirmek üçin aýgytly ädimler etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Ýurdumyzyň öňünde täze ýol açjak bu tapgyryň ýeňillik bilen, özara hoşniýetlilik we düşünişmek düşünjesi bilen dowam etdirilmegi üçin ähli tagallalary edýäris, emma zerur bolan halatynda döwletimiziň mahmal elliginiň içindäki demir ýumrugyny işjeňleşdirmekden çekinmeris" diýip beýan etdi.