Prezident Erdogan Şwesiýa reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan Şwesiýa reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň baýramçylyk çäresine göni ýaýlym arkaly gatnaşdy.

Yslam we adamzat duşmanlarynyň polisiýa işgärleriniň goragy astynda amala aşyran öjükdiriji hereketleriň üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Baýramyň ilkinji gününde mukaddes kitabymyz Gurhana garşy Şwesiýada amala aşyrylan haýyn hüjüm şolaryň biridir. Şony amala aşyrýanlar ýaly pikir azatlygy ady bilen oňa rugsat berýänlerem, şol haýynlyga göz ýumýanlaram amallaryna ýetip bilmezler.

Türkiye hökmünde öjükdiriş syýasatynada hemle syýasatynada çürt-kesik boýun egmejekdigimizi bilinmegini isleýärin" diýip habar berdi.

Terror guramalaryna we Yslam duşmançylygyna garşy tutanýerli ýagdaýda göreş alynyp barylýança çenli iň güýçli ýagdaýda iş alyp barjakdyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Musulmanlaryň mukaddesliklerine dil ýetirmegiň pikir azatlygy bolmandygyny Günbatarly tekepbirlik ýadygärliklerine ahyrynda öwrederis" diýip belledi.

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde asly yrakly bolan Salwan Momika Stokgolm metjidiniň öňünde polisiýa işgärleriniň goragy astynda Gurhany ýakypdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Halkara Guramalara Reaksiýa Bildirdi
Aliýa Izzetbegowiç
Musa Jarullah
Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Prezident Erdogan Musulmanlary Gadyr Gijesi Bilen Gutlady
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna Gökdepe metjidinde sadaka berildi