Prezident Erdogan Şu Gün Ykdysady Reforma Bukjasyny Tanyşdyrar

Prezident  Erdogan Şu Gün Ykdysady Reforma Bukjasyny Tanyşdyrar

Prezident R. T. Erdogan şu gün Stambulda Ykdysady Reforma bukjasyny tanyşdyrar

Ykdysady reforma bukjasynda makro ykdysadyýet, konstruktiw syýasatlar infilýasiýa we bujet ýetmezçiligi ýaly käbir ugurlar ýer alýar.

Prezident Erdogan, noýabr aýynda beren beýannamasynda, ykdysadyýetde we hukukda täze reforma döwrüni başladandyklaryny aýdypdy.

Prezident Erdoganyň beýannamasyndan soň, Gazna we maliýe ministri Lütfi Elwanyň öňbaşçylygynda işewürler we degişli jemgyýetçilik guramalar bilen gepleşikler geçirlip, olaryň talaplary we teklipleri alyndy.

Şol maslahatlarda berlen teklipler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Makro ykdysady durnuklylyk we konstruktiw syýasatlary öz içine alýan ykdysady reformalar Prezident Erdogan tarapyndan şu gün geçiriljek “Ykdysady reformalary tanyşdyryş” maslahatynda halka ýetirler.

Ýene degişli makalalar

Pezeşkian kasam kabul etdi
Estoniýanyň Prezidenti täze hökümet gurmagy tabşyrdy
CNPC Türkmenistana TOPH-yň gurluşygynda ýardam bermäge taýýardygyny aýdýar'
Türkmenistan we Pakistan TOPH geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek isleýär
Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary protestleriň “ýeňlişe sezewar bolandygyny” aýtdylar
Reform partiýasy ýeňiş gazandy