Prezident Erdogan Somaliniň prezidenti Mahmud bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan Somaliniň prezidenti Mahmud bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, Türkiye bilen Somaliniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin we global meseleleriň maslahatlaşylan telefon söbetdeşliginde prezident Erdogan Türkiyäniň Somaliniň territorial bütewiligi bilen jebisligine ähmiýet berýändigini habar berdi.

Telefon söhbetdeşliginde prezident Erdogan Somaliniň terrora garşy göreşine berýän goldawyny dowam etdirjekdigini we Somali bilen Efiopiýanyň arasyndaky düşünişmezçiligiň çözüwi üçin Türkiyäniň araçylyk işlerini giň gerimli ýagdaýda dowam etdirjekdigini beýan etdi.

Prezident Erdogan iki ýurduň arasyndaky energiýa we goranyş başda bolmak bilen ençeme ugurda hyzmatdaşlygyny artdyryp dowam etdirjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Prezident Erdogan, Somalili Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Efiopiýa Bilen Somaliniň Arasynda 2-nji Tapgyr Gepleşikleri Tamamlandy
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Somali-Efiopiýa Gepleşikleri Ankarada Başlaýar
Türkiyäniň daşary işler ministri Efiopiýa sapar gurar