Prezident Erdogan, Somalili Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, Somalili Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Somaliniň Prezidenti Hasan Şyh Mahmud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Şyh Mahmud telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Somaliniň arasyndaky gatnaşyklar, Somali bilen Efiopiýanyň arasyndaky dartgynlyk bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Somaliniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Erdogan, Türkiýäniň Somali bilen Efiopiýanyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini, iki ýurduň arasynda ylalaşygyň gazanylmagy üçin şu gün Türkiýede geçiriljek ikinji tapgyr gepleşiklerden anyk netije alynmagyna garaşýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Prezident Erdogan Somaliniň prezidenti Mahmud bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan, Efiopiýaly we Somalili Kärdeşleri Bilen Duşuşdy
Efiopiýa Bilen Somaliniň Arasynda 2-nji Tapgyr Gepleşikleri Tamamlandy
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar
Somali-Efiopiýa Gepleşikleri Ankarada Başlaýar