
Prezident R. T. Erdogan, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we arkalaşygyň güýçlenendigini, Türkiýäniň Serbiýada gysga wagtda täze hökümetiň gurulmagyny, parahatçylygyň we durnuklylygyň dowam etdirilmegini arzuw edýändigini we täze hökümet bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga dowam etjekdiklerini nygtady.
Erdogan, goranyş senagatynyň başda durmagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.
Serbiýanyň Prezidenti Wujij hem Prezident Erdogany doglan güni bilen gutlady.