Prezident Erdogan Serbiýada Saparda Bolýar

Prezident Erdogan Serbiýada Saparda Bolýar

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Serbiýa gitdi.

Prezident Erdogan, Serbiýanyň Prezident köşgünde kärdeşi Aleksandr Wujij tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdogan bilen Wujij garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Iki kärdeş Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eder.

Saparyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy maksady bilen birnäçe şertnama baglaşylar.

Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky özara söwda mukdarynyň 5 milliard dollara göterilmegi maksat edinilýär.

Prezident Erdogan saparynyň çäginde Işewürler forumyna gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Serbiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Serbiýa, Ysraýyldan Howa Ulaglaryny Satyn Alar
3-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Prezident Erdogan Belgrada Bardy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary