Prezident Erdogan, Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bin Abdulaziz Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Al Suud telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Palestinada edýän gyrgynçylygy bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Gazanyň başda durmagynda Palestinada edýän adamzat jenaýatyna garşy halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla edýän basyşynyň artdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan, Ysraýyla garşy musulman ýurtlarynyň birlikde hereket etmeginiň möhümdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary