Prezident R. T. Erdogan, Sakarýa ýeňişiniň 103 ýyllygy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Prezident Erdogan, sosial mediadan beren ýüzlenmesinde, “Milli göreşimiziň öwrülşik nokatlaryndan biri bolan, Beýik ýeňişiň öňüni açan Sakarýa ýeňişiniň 103 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn. Gazi Mustafa Kemaly we Milli Azat edijilik söweşimiziň ähli gahrymanlaryny uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.