Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, prezident Erdogan Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenip ösmegine kanagatlanma bildirdi, ýokary derejeli syýasy diýalogyň dowam etjekdigini, öňümizdäki tapgyrda tapawutly ugurlarda hem sebitdäki hem-de dünýädäki meseleleri jikme-jik ýagdaýda ele almagy dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putini dogulan güni bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Putin Aşgabada bardy. Ukraina Türkmenistany ony tussag etmäge çagyrdy
Putin Bilen Kurtulmuş Aşgabatda Duşuşdy
Türkmenistan Russiýa, Eýran we beýlekiler bilen halkara parahatçylyk forumyna taýýarlyk görýär
Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Türkiyäniň daşary işler ministri Gresiýa sapar gurar