“Prezident Erdogan, Putin we Zelenskiý Bilen Galla Krizisi Hakynda Pikir Alyşar”

“Prezident Erdogan, Putin we Zelenskiý Bilen Galla Krizisi Hakynda Pikir Alyşar”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, galla krizisi hakynda Prezident R. T. Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen pikir alyşjakdygyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly paýtagt Ankarada galla krizisi hakynda metbugata beýannama berdi.

Galla krizisiniň çözülmegi üçin işe girişendiklerini aýdan Çawuşogly, rus gallasynyň we döküniniň eksport edilmeginiň öňündäki bökdençligiň dowam edýändigini, Türkiýäniň hem BMG bilen birlikde etap bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we bökdençligiň ortadan aýrylmalydygyny belledi

“Biz Türkiýe hökmünde tagallalarymyzy dowam etdireris” diýen Çawuşogly, Prezident Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý pikir alyşjakdygyny belledi.

.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi