Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy we ýurduň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Ankara şäherinde geçirilen "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi.
Erdogan geçen ýyl 7-nji oktýabrda Gaza zolagyna garşy başlan, indi bolsa Liwana uzan Ysraýylyň genosid syýasatynyň, adamzadyň Sionizmiň hakyky ýüzi bilen tanyşmagyna sebäp bolandygyny beýan etdi.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi bilen birlikde halkara guramalaryň Ysraýylyň lälikliginiň öňünde näderejede ejizdigini görendiklerini aýdan prezident Erdogan, günbataryň eýýäm ençeme ýyl bäri goran azatlyk, demokratiýa, hukuk, söz we metbugat azatlygy ýaly gymmatlyklarynyň ählisiniň bir pursatda gapdala aýrylandygyny mälim etdi.
Ysraýylyň basyp alma, weýran etme we ýok etmek syýasatynyň eýýäm 76 ýyl bäri arakesmesiz ýagdaýda dowam edýändigini aýdan prezident Erdogan: "Barha lälikleşýän, barha göçgünleşen Ysraýyl saklanmadyk halatynda bu ýaýramagynyň nirä çenli uzap gitjekdigini çak edip bilýäris" diýip belledi.
Ysraýylyň wagşyçylykly hüjümleriniň netijesinde Gazanyň 2 million raýatynyň ýygnanan ägirt uly bir konslagere öwrülendigini aýdan prezident Erdogan, Gaza gyş möwsüminden ozal has köp ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi babatynda halkara jemgyýetiň we Yslam dünýäsiniň has köp tagalla etmelidigini beýan etdi.
Türkiyäniň Gazada başdan geçirilýän gyrgynçylyklara iň güýçli reaksiýany bildiren, onuň bilen çäklenmän Ysraýyla garşy anyk çäreler gören ýeke täk döwletdigini aýdan prezident Erdogan, 1967-nji ýylyň serhetleriniň esasynda, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan, garaşsyz, özygtyýarly we geografik bütewiligi bolan bir Palestina döwleti gurulýança çenli arman-ýadaman göreşini dowam etdirjekdiklerini habar berdi.