Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy

Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy

Resmi sapar bilen Pakistana giden Prezident R. T. Erdogan paýtagt Yslamabatda geçirlen Türkiýe-Pakistan işewürler maslahatyna gatnaşdy.

15 aýdan bäri Ysraýylyň gyrgynçylyklaryna we genosidine sezewar bolan Gazada Türkiýäniň hem goşant goşmagynda ylalaşyk gazanylandygyny emma Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan hüjümlerini dowam etdirýändigini aýdan Erdogan, “Sebitimiziň gaýtadan gan kölüne öwrülmäge synanşylýandygyny görýäris.

Gazanyň gazalylaryňkydygyny hiç him ýatdan çykarmarys.Watanlaryny, Palestinanyň topraklaryny goramak üçin on müňlerçe perzendi şehit boldy.Watan meselesinde döwda edilmez.Arap we musulman ýurtlarynyň başda durmagynda bu möhüm etapda gazalylary ýalňyz goýmajakdygymyza ynanýaryn” diýdi.

Siriýada bolsa 13,5 ýyl dowam eden çaknyşygyň we zulumyň ýerini 8-nji dekabrdan başlap oňyn atmosferanyň doldurandygyna ünsi çeken Erdogan, täze hökümet bilen işleşip, Siriýanyň ykdysady we söwda taýdan galkynyşyna uly goşan goşjakdyklaryny belledi.

Türkiýäniň ykdysady taýdan güýçlenýändigini we Ýewropada döwrebaý tehnalogiýa eýe bolan esasy ýurtlardan biridigini nygtan Pakistanyn Premýer-ministri Şahbaz Şerif bolsa, Prezident Erdogan üçin “Bu ýerde güýçli lider bar, diňe Türkiýäniň däl eýsem musulman dünýäsiniň lideri. Onuň liderligi bizi buýsandyrýar” diýdi.

Prezident Erdogan işewürler maslahatyndan soň kärdeşi Asyf Ali Zerdari bilen duşuşdy we hormatyna berlen döwlet naharyna gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Erdogan we Şarif Yslamabatda Türkiýe-Pakistan gatnaşyklaryny ösdürmäge söz berdiler
Prezident Erdogan Pakistana Bardy
Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi