
Resmi sapar bilen Pakistana giden Prezident R. T. Erdogan paýtagt Yslamabada bardy.
Prezident Erdogan, howa menzilinde Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zerdari we Premýer-ministri Şahbaz Şerif tarapyndan garşylandy.
Prezident Erdoganyň şu gün Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen özara duşuşyk geçirmegine we Ýokary derjeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.
Prezident Erdogan, Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen birlikde şertnamalara gol çekişlik dabarasyna gatnaşandan soň metbugata beýannama berer.
Prezident Erdoganyň, Pakistanyň Prezidenti Zerdary bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.