Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi

Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi

Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, raýatlary Oraza baýramy bilen gutlady.

Erdogan ýüzlenmesinde: "Kyn günlerde Palestinanyň halkynyň ýanyndadygymyzy görkezdik" diýip belläp: "Türkiye hökmünde, bu sebite ugradan jemi 45 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömeklerimiz bilen bu kyn günlerde Palestinanyň halkynyň ýanyndadygymyzy görekzdik.

Nesip bolsa mundan soň hem Gazada akýan kan durýança çenli we palestinaly doganlarymyz 1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan erkin Palestina döwletini esaslandyrýança çenli goldawymyz dowam eder" diýip habar berdi.

Ýüzlenmesinde terror guramalaryna garşy operasiýalaryň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "PKK-dan FETÖ we DAIŞ-e çenli watanymyzyň jebisligine, raýatlarymyzyň asudalgyna kast edýän terror guramalaryan pursat bermeýäris. Terror batgalygyny gözbaşynda ýok etmek strategiýamyzy tutanýerlilik bilen durmuşa geçirýäris" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Soňky 1 Hepde-de 43 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi Ankarada Geçirildi
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi