Prezident Erdogan Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Prezident R. T. Erdogan özara duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkdaky Türk öýünde Liwanyň Premýer-ministri Nejip Mikatini kabul etdi.

Kabul edilşikde Türkiýe bilen Liwanyň arasyndaky özara gatnaşyklar, Ysraýylyň Liwana we Palestina guraýan hüjümleri bilen sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan, Ysraýylyň hüjümlerine garşy Liwana goldaw berýändiklerini, halkara jemgyýetçiliniň Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi üçin gyssagly işe girişmelidigini belledi.

Erdogan, Ysraýylyň adam hukuklaryna äsgermezçilik edýändigini, dünýäniň gözüniň öňünde genosid edýändigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan, Sudanyň Özygtyýarlyk geňeşiniň başlygy Abdulfettah Abdulrahman Al Burhan bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda Türkiýe bilen Sudanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Sudan bilen edýän gatnaşyklarynyň gün saýyn pugtalanýandygyny we iki ýurduň arasyndaky arkalaşygyň güýçlenmek bilen dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazada gün saýyn agyrlaşýan gumanitar krizisiň öňüniň alynmagy üçin edilýän tagallalaryň artdyrylmalydygyny, Türkiýäniň palestin halkyna kömek bermek üçin elinden geleni edýändigini nygtady.

Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde Yragyň Premýer-ministri Şiýa as Sudanini hem kabul edildi.

Kabul edilşikde Türkiýe-Yrak gatnaşyklary bilen birlikde sebitara we halkara meseleler gün tertibine getirildi.

Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Yragyň iki goňşy ýurt hökmünde hyzmatdaşlygyň artydylmagy üçin tagalla edýändigini belledi.

Prezident Erdogan, Gwineýa-Bisaýyň Prezidenti Embaoly bilen hem duşuşdy.

Prezident Erdogan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşykalry bilen birlikde harby we goranyş senagaty taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Sudanly Lider Al Burhan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”
“Ysraýylyň Hökümeti Gazany Açyk Howa Tussaghanasyna Öwürdi"
“Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berýärin”
Prezident Erdogan Azerbaýjana Gitdi
Prezident Erdogan Azerbaýjana Gitdi