Prezident Erdogan Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Prezident Erdogan Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň 24-nji liderler sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana giden Prezident Erdogan geçirýän özara duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan şu gün ilki Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagaýin Hurelsuh, soň bolsa Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşykda Ysraýylyň Palestina garşy guraýan hüjümleri we Ysraýyl tarapyndan Liwana abanýan howp bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Erdogan, musulman dünýäsiniň başda durmagynda halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi üçin birlikde hereket etmelidigini nygtady.

Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde düýn Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Pakistanyň Prezidenti Şahbaz Şerif bilen duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türkiyäniň prezidenti BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder