Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär

Prezident Erdogan, Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Prezident R. T. Erdogan Nýu-Ýorkdaky Türk öýünde möhüm duşuşyklar geçirýär.

Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşdy.

Duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Prezident Erdogan soň bolsa Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifi kabul etdi.

Kabul edilşikde Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan kabul edilşikde Türkiýe bilen Pakistanyň goranyş senagatynyň we ykdysadyýetiň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini belledi. Ysraýyl tarapyndan Gaza guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin birlikde hereket edilmeginiň möhümdigini nygtan Erdogan, Türkiýäniň hüjümleriň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy, palestin halkyna gyssagly ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin tagalla etmäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Erdogan, Gresiýanyň Premýer-ministri Kyriakos Mikotakisi hem kabul etdi.

Kabul edilşikde Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň täze ýylyň ilkinji aýlarynda Türkiýede geçirilmegi boýunça karar kabul edildi.

Prezident Erdogan BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen hem duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Türkiyäniň daşary işler ministri Gresiýa sapar gurar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Meloni Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan Berdimuhamedow Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Bilim, Mili Düşünje Bilen Goldanan Halatynda Netijeli Bolar