Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirýär

BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Prezident R. T. Erdogan iş saparynyň çäginde möhüm duşuşyklar geçirýär.

Erdogan, Nýu-Ýork şäherinde Türköýündäki duşuşyklaryna Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen başlady.

Prezident Erdogan duşuşykda, Baku-Tiblisi-Kars demir ýolunyň gysga wagtda has işjeň ýagdaýa getirilmegine garaşýandygyny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 3 milliard dollardan 5 milliard dollara ýetirlip bilinjekdigini aýdan Prezident Erdogan, Gruziýada, Fetullahçy terror guramasy FETÖ degişli mekdepleriň ýapylmagynyň we emlaklarynyň saklanmagynyň möhümdigini nygtap, Gruziýanyň hökümetiniň bu meselede edýän tagallasyna kanagatlanma bildirdi.

Prezident Erdogan, Türköýünde ABŞ-da ýaşaýan Mezheti türkleri bilen hem duşuşdy.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli 4 müň mezheti türküni Türkiýä getirendiklerini aýdan Erdogan, “Mezheti türkleriniň Türk raýatlygyna kabul edilmegi barada işleriň depgini güýçlendirilýär” diýip belledi.

Prezident Erdogan SpaceX-iň guryjysy Elon Musk bilen hem duşuşdy.

Erdogan duşuşykda, Türkiýäniň tehnalogiýa pudagy boýunça gazanan üstünlikleri hakynda Muska maglumat berdi.

Ýerli ulag TOGG-yň Türkiýede ýollara çykmagy bilen birlikde Teslanyň hem Türkiýäniň bazaryna girendigini ýatladan Prezident Erdogan, Teslanyň 7-nji fabriginiň Türkiýede gurulmagy üçin Muska çagyryş berdi.

Prezident Erdogan Elon Muksy sentýabr aýynyň 27-i bilen oktýabr aýynyň 1-i aralygynda Izmir şäherinde geçiriljek dünýäniň iň uly emeli hemra we tehnalogiýa festiwaly bolan Teknofeste çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar
Gruziýanyň Premýer-ministri Ysraýyla Bardy
Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany
Gruziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýewraziýa Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy