Prezident Erdogan NBC News kanalyna beýanat berdi

Prezident Erdogan NBC News kanalyna beýanat berdi

BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine baran prezident Erdogan, ABŞ-nyň meşhur NBC News telewideniýe kanalyna beýanat berdi.

Hamas bilen baglanşykly Erdogan: "Biz terrorçylara garşydyrys we Hamasy gowy tanaýan liderleriň biridirin.Hiç wagt Hamasa terror guramasy diýmedim.Häzirki wagtda hem Hamasa bir terror guramasy hökmünde garamaýaryn.

Hamas territoriýasyny goramaga synanyşýan garşylyk toparydyr. Şol sebäpli bir garşylyk toparyna men näme üçin terror guramasy diýeýin. 1947-nji ýyldan bäri Hamas, has takyk aýtmak islesek Palestina, topraklaryny ýitirip şu günki güne geldi" diýip belledi.

Hamasyň 7-nji oktýabrda guran hüjümlerini ýeke başyna netijelendirmegiň ýalňyş boljakdygyny aýdan prezident Erdogan: "Sahnanyň arka tarapyny gözden geçirenimizde, 7-nji oktýabr üçin bu şertleri taýýarlan sebäpleri gowy bilmelidiris. Olara ýagny Hamasa gowy düşünmegimiz zerur. Bu ýerde näçe palestinaly şehit edildi, näçe palestinaly öldürildi, onuň hem sahnanyň arkasyny gözden geçiren mahalymyz ýagdaý örän tapawutly taraplara barýar" diýip nygtady.

Erdogana Ukrainanyň NATO agzalygy bilen bagly garaýyşy barada hem sorag berildi.

ABŞ bilen birlikde NATO agza ýurtlaryň Ukrainanyň alýansa agza bolmagyny islemeýändigini aýdan prezident Erdogan: "Biz bu meselede karar kabul eden mahalymyz elbetde NATO agza bolan beýleki ýurtlaryň çemeleşmesini ele alýarys we kararlarymyzy öňa görä berýäris" diýip belledi.

"Ukrainanyň agzalygy babatynda karara geldiňizmi?" soragyna Erdogan: "Ýok" diýip jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny