Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Rutte telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin elinden geleni edendigini we mundan soňky etapda hem öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirjekdigini, söweşýän taraplar bilen birlikde birnäçe ýurduň lideri we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirendigini, adalatyň we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýlup bilinjekdigini aýtdy.

Erdogan, Türkiýäniň ýerleşýän sebitinde we dünýäde söweşleriň bes edilmegi üçin uly tagalla edýändigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Wengriýada Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny