Prezident Erdogan Müsüre Gitdi

Prezident Erdogan Müsüre Gitdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ösüp barýan sekiz ýurduň (D-8) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Müsüriň paýtagty Kair şäherine gitdi.

D-8-e agza ýurtlaryň soňky maslahaty iýun aýynda Stambulda geçirlipdi.

Müsürde geçiriljek sammitde gurama agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Erdogan, sammitiň çäginde käbir ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary bilen duşuşar.

Prezident Erdogan liderler bilen geçirjek duşuşyklarynda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri maslahatlaşar, Ysraýylyň Palestinada we Liwanda dowam edýän hüjümlerini ele alar.

Gepleşikleriň dowamynda sebitde parahatçylygy üpjün etmek üçin edilmeli ädimler hem ara alnyp maslahatlaşylar.

D-8 Türkiyeden başga-da Bangladeş, Müsür, Indoneziýa, Eýran, Malaýziýa, Nigeriýa we Pakistan döwletlerini öz düzüminde jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Müsüre Gider
Türkiyäniň Prezidenti Mongoliýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkiyäniň Prezidenti Müsüriň Daşary işler ministrini kabul etdi
Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy
Prezident Erdogan Malaýziýa Gitdi
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n