Prezident Erdogan Müsürde saparda bolýar

Prezident Erdogan Müsürde saparda bolýar

Prezident diwanyndan berilen beýanata görä Ösüp barýan sekiz ýurduň (D-8) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Müsüriň paýtagty Kair şäherine baran prezident Erdogan ol ýerde Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Erdogan Türkiyäniň terroryň köküniň gazylan, bosgunlaryň meýletin we mertebeli ýagdaýda gaýdyp baran Siriýany görmek isleýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan mundan başgada Siriýanyň durnuklaşdyrylmagynyň, iň gysga wagtda dikeldilmeginiň ähli sebitleýin we halkara aktýorlaryň goşandy bilen amala aşyrylyp bilinjekdigini habar berdi.

Prezident Erdogan Kairde şeýle hem Müsüriň prezidenti Abdülfettah as-Sisi bilen duşuşyk geçirdi.

Erdogan duşuşykda Türkiyäniň taryhy we medeni gatnaşyklary bolan Müsür bilen goranyş senagaty, energetika, transport we galkynyş başda bolmak bilen ençeme ugur boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, 15 milliard dollar söwda mukdary maksatnamasyna ýetmek üçin tagalla etmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi.

Siriýanyň halkynyň 13 ýyl bäri uly kynçylyklary başyndan geçirendigini aýdan Erdogan, siriýalylaryň öz geljegini kesgitlejekdigini, ýurduň syýasy jebisliginiň we territorial bitewiliginiň möhümdigini, täzeden dikelmegi we içerki barlyşygy üpjün etmek üçin Türkiyäniň berýän goldawynyň dowam etjekdigini mälim etdi.

Prezident Erdogan duşuşykda Gazada hemişelik we dowamly ýaraşyk mümkinçiliginiň gysga wagtda gazanylmalydygyny, sebite ynsanperwer kömeginiň üznüksiz ugradylmagy üçin Türkiye bilen Müsüriň arasyndaky raýdaşlygy artdyrmagyň we dowam etdirmegiň peýdaly boljakdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Müsüre Gider
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Pakistanyň Premýer ministri Şerif bilen duşuşdy