Prezident Erdogan Müsürde Saparda Bolýar

Prezident Erdogan Müsürde Saparda Bolýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Kair şäherinde Ittihadiýe köşgüne baran mahaly Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Erdoganyň we Sisiniň dabaradaky ýerlerine geçmeginden soň, toplar atyldy we iki ýurduň milli senalary ýaňlandy.

Kärdeşi Sisi bilen hormatly garawul toparyna gözegçilik eden Prezident Erdogan, soň bolsa esgerlere salam berdi. Iki lider salamlaşyp, metbugat işgärleriniň öňünde surata düşdiler.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň tanyşdyrylmagyndan soň, ikiçäk we toparara gepleşikler geçirilmäge geçildi.

Geçiriljek duşuşygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry Türkiye bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolar.

Ýokary derejeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizminiň işjeňleşdirilmeginiň çäginde ediljek ädimleriň ele alynjak duşuşyklarda, söwda, goranyş, energetika we syýahatçylyk ýaly tapawutly ugurlardaky mümkinçilikler ara alynyp maslahatlaşylar.

Duşuşykda mundan başgada Ysraýylyň Palestina garşy hüjümleri ele alynar.

Ýene degişli makalalar

Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
Müsür Gaza Sektorynda Hüjümleriň 2 Gün Möhlet Bilen Bes Edilmegini Teklip Etdi
Sisiniň Ankara Sapary
“Türkiýe Bilen Müsür, Taryhy we Medeni Geçmişinden Ylham Alýar”
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary