Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi.
"Sebitimiz tankydy wakalara şaýatlyk edýär" diýip aýdan Erdogan, goňşy ýurt Siriýada 13 ýyl dowam eden içerki urşuň birnäçe gün ozal häkimiýetiň agdarylmagy bilen, indi täze bir tapgyra eýe bolandygyny beýan etdi.
Prezident Erdogan: "Halap, Hama, Homs we soňunda Damask Siriýanyň hakyky eýeleriniň gözegçiligine geçip, 61 ýyl bäri gan, sütem, zulum we zalymlyk bilen aýakda galan Baas diktaturasy dolulygyna çökdi. Berlen wadalara garamazdan ençeme ýyl bäri ekstremist guramanyň basybalyjylygy astynda bolan Tel Ryfatyň we Manbijiň terrorçylardan arassalanmagyndan hoşaldyrys" diýip nygtady.
Erdogan agdarylan režimiň duşmançylykly garaýyşlaryna garamazdan, ähli şertlerde Siriýanyň territorial bütewiligini we bütewi gurluşyny goramagy goldaýandyklaryny belläp: "Kalbymyzyň ýarysy Gaziantep, Hataý, Şanlyurfa, galan ýarysy bolsa Afrin, Halap, Hama, Homs, Damaskdyr" diýdi.
Siriýada 27-nji noýabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň gerimi giňäpdi.
Paýtagt Damask şäherine 7-nji dekabrda girmäge başlan toparlara halk köpçüliginiň hem goldaw bermegi bilen režim, ol ýerde we ýurduň beýleki ençeme ýerinde gözegçiligi elinden aldyryp, dolulygyna çöküpdi.
Düýn bolsa Baas partiýasynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanmagy bilen birlikde, režimiň lideri Başar Asad ýurduň paýtagtyndan gaçypdy.