Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Prezident Erdogan: "BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinden halkara media guramalaryna çenli elimiz ýeten ähli ýerde şaýat bolan iki ýüzlülik, ähli adamlary bolşy ýaly biziň hem umydymyzy ýitirýär" diýip belledi.

Emma ähli bu ýaramaz zatlara garamazdan, arman-ýadaman sionist lobbiniň basyşlaryna boýun bolman, hiç kimden çekinmän, gorkman Palestinanyň halkyna we Gazalylara goldaw berendiklerini, mundan soň hem goldaw bermäge dowam etjekdikleirni aýdan Erdogan: "Nesip bolsa Palestinanyň halky bu kyn günleriň netijesinde rahatlyga, parahatçylyga, asudalyga gowuşar. Zalymlar ýeňiler, Palestina dawasy ýeňer" diýip nygtady.

Genosid jenaýatlaryň akydan bigünä adamlaryň ganlaryň hasabyny çürt-kesik adalata berdirjekdiklerini aýdan prezident Erdogan: "Halkara jenaýat kazyýetiniň Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň we ýurduň ozalky goranmak ministri Ýoaw Gallandyň tussag edilmegi barada karar kabul etmegi, bu ugurda edilen örän mert bir ädimdir. Netaniýahu we onuň gyrgyn topary üçin halka daralyp barýar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TBMM-nyň başlygy Kot-d'Iwuarly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýakyn Gündogar Dartgynly Bolmagynda Galýar
Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi