Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Ýurduň ýerasty we ýerüsti çeşmelerini ykdysadyýete peýda getirmekde uly sepgide ýetilendigini aýdan prezident Erdogan: "Energiýada doly Garaşsyz Türkiye" maksatnamasy bilen arman-ýadaman zähmet çekmäge dowam edýändiklerini habar berdi.
Prezident Erdogan: "Fatih buraw gämisi Sakarýa gaz ýatagynda täze açyşlar üçin Gökdepe-1 we Gökdepe-2 guýularynda buraw işlerine başlady.Gabar dagynda gündelik nebit önümçiligini 43 müň 380 barrelden geçirip, respublika taryhynda rekordy täzeledik.
Türkiye onlarça ýyllap hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümler sebäpli ulanyp bilmedik çeşmelerinden peýdalanmaga başlady.Terror sebitde ýitdigi saýyn, diňe ykdysadyýetimiz ösmek bilen çäklenmez, şol bir wagtda demokratiýamyz hem berkär, güýçlener" diýip beýan etdi.