Prezident Erdogan milli goranyş pudagyna ünsleri çekdi

Prezident Erdogan milli goranyş pudagyna ünsleri çekdi

Prezident Erdogan wideo şekilli göni aragatnaşyk arkaly Batmanda gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän türk esgerlerini Täze ýyllary bilen gutlady.

"Güýçli goşun, güýçli Türkiye" şygary bilen Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň ähli ugurlar boýunça eýmendirmesini artdyrmagyna uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Ýerlilik görkezijilerini 20 göterimden 80 göterime çenli ýetiren goranyş senagaty pudagyndaky öňe gidişliklerimiz arakesme bermeden dowam edýär" diýip habar berdi.

Türkiyäniň uçarmansyz howa ulagy we ýaragly uçarmansyz howa ulagy tehnologiýasynda dünýäniň iň ösen 3-4 ýurduň biri ýagdaýyna gelendigini aýdan Prezident Erdogan: "Geçen ýyl dünýäde iň köp UHU/ÝUHU eksportyny amala aşyran ýurt bolduk. Ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary diňe Türkiyäniň asmanyny däl, eýsem dünýäniň 50-den gowrak dostlukly ýurduň asmanyny goraýar" diýip belledi.

Türkiyäniň Prezidenti: "Sebitimizde başdan geçirilýän her bir hadysa, biziň bu ugurdaky maýa goýumlarymyzyň näderejede takykdygyny ýada salýar. Nesip bolsa has ösen sepgide ýeteris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Prezident Erdogan 2024-nji ýylda ýetilen sepgitler barada beýannama berdi
“Terrorsyz Türkiýe Maksadymyza Ýeteris”
“Geçiş Etabynda Siriýanyň Halkyna Goldaw Bereris”
“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”
Türkiyeden Siriýa gaýdyp barýan siriýalylaryň sany artýar