Prezident Erdogan 11-nji noýabr Milli Bag ekiş güni mynasybetli wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Erdogan, Türkiyäni zümerret görnüşdäki ýaşyl reňkde bir ýurt etmek we geljek nesillere ähli taraplaýyn has owadan ýurt galdyrmak üçin ähli güýçleri bilen zähmet çekýändiklerini beýan etdi.
"Geljege nepes" şygary bilen başladylan bag ekiş çäreleri bilen 7 milliartdan gowrak bag ekendiklerini, tokaýlaryň ululygyny 12 göterim artydyryp, 23,4 million gektara ýetirendiklerini aýdan prezident Erdogan, Türkiyäniň bag ekiş boýunça Ýewropada birinji, dünýäde bolsa dördünji orunda durandygyny beýan etdi.
Şu ýylyň temasyny eýýäm 1 ýyldan gowrak wagt bäri Palestinada dowam edýän genoside we dünýäniň tapawutly ýerlerinde ezilen adamlaryň perýatlaryna ýene-de bir gezek üns çekmek üçin "Geljege nepes, adamzada nepes" hökmünde kesgitländiklerini aýdan prezident Erdogan: "Şu gün ekjek nahallarymyzyň adamzadyň gözýetimini garaňkyladýan ähli zulumlara, gyrgynçylyklara, genosidlere we rehimsiz hüjümlere garşy bir umyt boljakdygyna ynanýaryn.
Nahallarymyz Gazada şehit bolan doganlarymyz başda bolmak bilen ähli bigünä geografiýalarda ýogalan adamlaryň ýagty ýadygärligini ýaşadar" diýip belledi.
Prezident Erdogan adamzada nepes bolmak isleýän ähli adamlary bag ekmäge çagyrdy.