Prezident Erdogan malili kärdeşi Assimi Goita bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan malili kärdeşi Assimi Goita bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Maliniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk, sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň Mali bilen saglygy goraýyş, energetika, oba hojalyk, senagat, tehnologiýa we söwda başda bolmak bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde tutanýerlidigini habar berdi.

Prezident Erdogan Türkiyäniň Mala terrora garşy göreşinde we goňşylary bilen gatnaşyklarynda parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagy üçin goldaw bermäge dowam etjekdigini, FETÖ-niň Malidäki işleriniň bes edilmegi we terror guramasynyň agzalarynyň Türkiyä gaýtarylyp berilmegi babatynda ädimler etmegine garaşýandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Soňky 1 Hepde-de 43 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
MHG-nyň Maslahaty Prezidentiň Kompleksinde Geçirildi
Türk we Türk-Tatar Jemagatlary Rumyniýa Bilen Türkiýäniň Arasyndaky Dostluk Köprüsi
“Terror Guramalaryna we Guramaçylykly Jenaýat Toparlaryna Garşy Egilşiksiz Göreşi Dowam Etdireris”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny