
Resmi sapar bilen Malaýziýa giden Prezident R. T. Erdogan, Malaýziýada Premýer-ministri Enwer Ibrahim tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Premýer-ministrlikde geçirlen resmi garşylama dabarasyndan soň Prezident Erdogan bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Ibrahim, Halkara kongres merkezinde geçirlen Täze asyrda Türkiýe-Malaýziýa strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşdy.
Prezident Erdogana Malaýziýa bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigi, özara hyzmatdaşlyk we arkalaşyk üçin sagbolsun aýdan Enwer Ibrahim, Türkiýäniň emeli hemra tehnalogiýasyna ýaly ugurlara goýan maýa goýumlaryna we eden öňe gidişligine ünsi çekdi.