Prezident Erdogan Malaýziýa Gitdi

Prezident Erdogan Malaýziýa Gitdi

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Malaýziýa gitdi.

Prezident Erdogan saparynyň öňüsyrasynda Atatrük howa menzilinde metbugata beýannama berdi.

Malaýziýanyň Prezidenti Enwer İbrahimiň soňky gezek 2023-nji ýylda Türkiýede saparda bolandygyny ýatladan Erdogan, “Malaýziýa bilen ykdysady we söwda taýdan ýakyndan gatnaşyk edýäris. Palestina meselesiniň başda durmagynda halkara meseleler boýunça hem ýakyndan işleşýäris” diýdi.

Prezident Erdogan Malaýziýadan soň Indoneziýada we Pakistanda saparda bolar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşikler özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdoganyň üç ýurda gurajak resmi saparynyň çäginde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylar.

Gazanyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hem saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Malaýziýanyň Premýer-ministrine Togg Sowgat Etdi
Prezident Erdogan Malaýziýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Indoneziýada Saparda Bolýar
Erdogan Türkiýäniň “Täze Aziýa Başlangyjynyň” çäginde Malaýziýa, Indoneziýa we Pakistana sapar edýär
Prezident Erdogan Indoneziýa Bardy
Türkmen telekeçisi ulanylan suwy gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýän enjamy hödürledi