Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Lozanna parahatçylyk şertnamasy bilen bagly ýüzlenme çap etdi.
Ýüzlenmesinde Lozanna parahatçylyk şertnamasynyň saýasynda milletiň watan topragyny basyp alan basyp alyjylara garşy gazanan ýeňişiniň halkara arenada tassyklanandygyny aýdan prezident Erdogan: "Şu gün Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjy resminamasy hasaplanýan Lozanna parahatçylyk şertnamasynyň 101 ýyllygy.
Türkiye sebitiniň durnuklylyk ýadygärligi hökmünde 101 ýyl bäri dowam etdirýän galkynyş ýolagçylygyny şu günki gün hem tutanýerli ýagdaýda dowam etdirýär.Her gün täze bir krizisiň başdan geçirilýän, geljek bilen bagly näbellilikleriň artan bir zamanada ýurdumyz ünsüni Türkiyäniň Asyry maksatnamalaryna gönükdirdi.
Hiç kim bu asyra milletimiziň möhürini goýmak ygtyýaryny puja çykaryp bilmez.Millet hökmünde arman-ýadaman, kynçylyklaryň we hüjümleriň öňünde, yza ädim etmeden, jebis we agzybir bolup, ýagty geljegimize tarap barýarys.
Bu pikirler bilen Lozanna Parahatçylyk şertnamasynyň 101-nji ýylynda Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemaly, egindeşlerini, garaşsyzlyk ugrunda janlaryny pida eden eziz şehitlerimizi hatyralap geçýäris, gazylarymyza uzak we bereketli ömür dileýärin" diýip belledi.