Prezident Erdogan, Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi

Prezident Erdogan, Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi

Prezident R. T. Erdogan düýn Prezidentiň Kompleksinde Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abdulhamid Dibeýbäni kabul etdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannamada, kabul edilşikde Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň, Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalaryň we Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy.

Prezident Erdogan kabul edilşikde iki ýurduň Gündogar Ortaýer deňizindäki bähbitleriniň goralmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtady.

Erdogan, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmäge dowam edýändigini, Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň legallygynyň goralmagy, Liwiýada jebisligiň we bitewiligiň ýola goýulmagy üçin gepleşik etabynyň başladylmagynyň möhümdigini we Türkiýäniň bu meselede goldaw bermäge taýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi
Kosowanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolýar
Türkiyäniň Afrika diplomatiýasy Günbataryň gün tertibinde