Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Liwanda guralan hüjüme gynanç bildirip, hüjümde ýogalan adamlara rehnet, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny diledi.

Prezident Erdogan mundan başgada Ysraýylyň çaknyşyklary sebitde giňeltmek tagallalarynyň örän howpludygyny, Ysraýylyň agressiýasyny duruzmak üçin edilýän tagallalaryň dowam etjekdigini beýan etdi.

Liwanda düýn Hizbullahyň agzalary tarapyndan ulanylan aragatnaşyk enjamlary şol bir wagtyň özünde partlapdy. Saglygy goraýyş ministrligi wakada 2-si çaga jemi 12 adamyň ýogalandygyny, 300-siniň saglyk ýagdaýy agyr takmynan 2 müň 800 adamyň ýaralanandygyny habar beripdi.

Liwanly resmiler wakanyň jogapkäri diýip aýdýan Ysraýyldan waka bilen bagly entek beýanat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady
Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy
Liwanda ýene-de aragatnaşyk enjamlary partlady
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Erdogan Al Sani bilen duşuşdy