Prezident Erdogan Kojaeli Şäher hassahanasynyň we gurluşygy tamamlanan beýleki taslamalaryň köpçülikeleýin açylyş dabarasynda çykyş etdi.
Kojaeli Şäher hassahanasynyň ähli işgärleri bilen ajaýyp bir hassahanadygyny aýdan Prezident Erdogan: "Nesip bolsa ýurdumyzyň ähli şäherlerini şunyň ýaly şäher hassahanalary bilen üpjün ederis" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan 1218 orunlyk ýeri bilen, ýertitreme izolýatorly döwrebap gurluşy bilen, her dürli mümkinçilige eýe bölümleri bilen Kojaeli Şäher hassahanasyna buýsanýandygyny mälim etdi.
Türkiyäni saglygy goraýyş ugrunda diňe öz raýatlaryna hyzmat bermek bilen çäklenmän, global özüne çekiji merkez ýagdaýyna öwürmekde tutanýerlidiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Şu günki gün dünýäniň niresinde ýaşasa ýaşasyn raýatlarymyz saglygy goraýyş hyzmatlary üçin ýurduny saýlaýar. Şol bir wagtda daşary ýurtlylaryň hem ýurdumyza bolan gyzyklanmasy barha artýar.
Saglygy goraýyş ugrunda döreden nusgawy infrastrukturanyň, eden saglygy goraýyş özgertmesiniň, häzirki wagtda hem güçlendirmäge dowam edýän adam güýjüniň gadyr-gymmatyna milletimiz gowy göz ýetirýär" diýip belledi.
Merkezi Bankyň ätiýajynyň 100 milliard dollardan geçendigini aýdan Prezident Erdogan: "Merkezi Bankynyň ätiýajy Premýer ministr wezipesinde işlän mahalym 135 milliard dollardan geçipdi. Indi ýene-de şol görkezijä ýeteris" diýip habar berdi.