Prezident Erdogan Kipriň Grek bölegine reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan Kipriň Grek bölegine reaksiýa bildirdi

Prezident Erdogan Katara sapar guramadan ozal Stambul Atatürk howa menzilinde beýanat berdi.

Kipriň Grek böleginde metjide guralan hüjüme berk reaksiýa bildiren Erdogan: "Kipriň Grek bölegindäki bu operasiýa jogapsyz galmaz. DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň beýanatlaryna goşulyşýarys. Ybadathanalarymyzyň üsti bilen bular ýaly görnüşli sabotažlar etmegiňiziň jogabyny agyr berersiňiz. Olaryň arkasynda kimleriň bardygy bilen baglanşykly derňew geçirýäris. Şol metjitler Kipriň Grek böleginiň hökümetiniň kepilligi astyndadyr" diýip beýan etdi.

DKTR-nyň Din işleri edarasyndan berilen beýanatda, 2-nji dekabrda agşam Larnaka Beýik metjidine garşy hüjümiň guralandygyny habar beripdi.

Hüjümde ýaralanan ýa-da ýogalan adamlaryň bolmandygy bellenen beýanatda, grek polisiýasy tarapyndan geçirilýän derňew işiniň netijesinde saklanan 1 adamyň tussag edilendigi mälim edilipdi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar beren ýazmaça beýanatynda, Kipr temasy boýunça ylalaşyga gelmek boýunça grek tarapyna berilýän dialog bilen bagly çagyryşlaryň dowam edýändigini, Larnaka Beýik metjidiniň ýakylmaga synanyşylmagyny berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny aýan edipdi.

Ersin Tatar: "1963-1974-nji ýyllar aralygynda ýüzlerçe metjidimiziň hüjüme sezewar galyp ýer bilen ýegsan edilendigini ýatlatmagymyzy gerek" diýip habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Şu gün 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy
Tatar Grekler Bilen Resmi Gepleşiklerden Çetde Durcakdyklaryny Beýan Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kipr Adasyndaky Taraplar 15-nji Oktýabrda Duşuşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Papa Fransisk Türkiýä Sapar Guramagy Meýilleşdirýändigini Aýtdy