Prezident Erdogan Katolikleriň Ruhany Lideri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan Katolikleriň Ruhany Lideri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Pariž olimpia oýunlarynyň açylyş dabarasyndaky gelňşiksiz çykyşlaryň uly garşylyga sebäp bolandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan söz azatlygy we hoşniýetlilik bahanasy bilen dini we ahlaky gymmatlyklaryň kemsidilmeginiň ýalňyşdygyny nygtady.

Prezident Erdogani ynsanlary birleşdirmek maksady bilen geçirilýän olimpia oýunlarynda dini gymmatlyklaryň kemsidilmeli däldigini aýtdy.

Erdogan, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň genoside öwrülendigini, uly adamzat pajygasynyň başdan geçirilýändigini, Ysraýylyň käbir döwletleriniň özüne berýän ykdysady we harby kömekleri sebäpli gyrgynçylygyny dowam etdirýändigini belledi.

Erdogan, Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmeginiň we Liwana guralan hüjümiň Ysraýylyň tutuş sebit, dünýä we adamzat üçin howplydygyny ýene-de bir gezek görkezendigini ýatlatdy.

Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk hem telefon söhbetdeşliginde parahatçylyk üçin edýän tagallasy we dini gymmatlyklaryň kemsidilmegine garşy ünsli çemeleşýändigi sebäpli Prezident Erdogana sag bolsun aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Papanyň Wekili Zuppi Bilen Duşuşdy
Papa Liwandaky Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Lissabonda Bütindünýä ýaşlar güni başlandy
Rim Papasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrdy
Zelenskiý Germaniýa Bardy
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi