Prezident Erdogan Ispaniýada saparda bolar

Prezident Erdogan Ispaniýada saparda bolar

Prezident Erdogan saparynyň ilkinji gününde ýurduň paýtagty Madrid şäherinde Ispaniýanyň Şasy VI Filip bilen duşuşyk geçirer, ertir bolsa Ispaniýanyň premýer ministri pedro Sançes bilen duşuşyk geçirer.

Prezident Erdoganyň saparynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Gaza bolar, Ysraýylyň sebitdäki hüjümleriniň bes edilmegi we hemişelik parahatçylyk üçin edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar.

Ispaniýa 28-nji maýda Palestinany resmi ýagdaýda ykrar edýändigini habar beripdi. Erdogan şol karary takdyr edýändigini beýan edipdi.

Saparda global hadysalar we Türkiye-Ispaniýa gatnaşyklary ele alynar.

Erdogan mundan başgada Ispaniýanyň premýer ministri Pedro Sançes bilen bilelikde Türkiye bilen Ispaniýanyň arasyndaky 8-nji Hökümetara sammite ýolbaşçylyk eder.

Sammitde söwda, maliýe, medeniýet we sport ugurlarynda ençeme ylalaşyk resminamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Prezident Erdogan türk we ispan işewür adamlar bilen duşuşyk geçirjek işewürler forumynyň açylyşyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ispaniýada Saparda Bolar
Hakan Fidan Ispaniýada Saparda Boldy
Hakan Fidan Ispaniýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Ispaniýanyň premýer ministri tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy
Dawosdaky bütindünýä ykdysady foruma taýýarlyk görülýär
Dawosda ykdysady forum geçiriler