
Prezident R. T. Erdogan, Aziýa ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Malaýziýadan soň ikinji duralgasy bolan Indoneziýa bardy.
Erdogan Bogor köşgünde Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.
Liderler garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişilmegine garaşylýar.
Prezident Erdogan paýtagt Jakartada geçiriljek Işewürşer forumyna hem gatnaşar.