Prezident Erdogan Indoneziýa Bardy

Prezident Erdogan Indoneziýa Bardy

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Indoneziýa gitdi.

Prezidenti Erdogany paýtagt Jakartada Halim Perdanakusuma harby howa menzilinde Indoneziýanyň Prezidenti Prabawo Subianto bilen Türkiýäniň Indoneziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talip Küçükjan garşylady.

Prezident Erdogan ertir Bogor köşgünde Indoneziýanyň Prezidenti Prabawo Subianto bilen özara duşuşyk geçirer we Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahatyna gatnaşar.

Prezident Erdoganyň Indoneziýanyň Prezidenti Prabawo Subiantonyň hormatyna berjek resmi agşam naharyna we Türkiýe-Indoneziýa işewürler forumyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Indoneziýada Saparda Bolýar
Bali täze howa menzilini gurmakçy
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Ýewropadaky iň belent Täze ýyl arçalary belli edildi