Prezident Erdogan "Ilkinji astronawtly älem missiýasy" bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan "Ilkinji astronawtly älem missiýasy" bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Milli Älem programmamyzyň ilkinji tapgyry bolan "Ilkinji astronawtly älem missiýasynyň" çäginde wideo arkaly ýüzlenme berdi.

Prezident Erdogan beýanatynda: "Ählimiz bilelikde taryhy pursada şaýatlyk edýäris.Umumy buýsanjymyzyň iň ýokary derejesine ýeten döwürleriniň birini başymyzdan geçirýäris.Respublikamyzyň Türkiye Asyryna ilkinji gezek amala aşyran astronawtly älem missiýamyz bilen gadam basýarys.

Ylym taryhyna özboluşly goşant goşan bir medeniýetiň mirasdüşerleri hökmünde, taryhda alyp barýan işimizi täzeden ýerine ýetirmek üçin örän gymmatly täze başlangyç edýäris.Gözlerindäki parlak öwüşgin bilen gözýetime seredýän ýaşlarymyza, arzuw-hyýallary bilen dünýä sygmaýan çagalarymyza ylham çeşmesi bolmak üçin ilkinji gezek bir raýatymyzy älem giňişligine ugradýarys" diýip habar berdi.

Aralarynda Türkiyäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy hem bolan SpaceX älem gämisi, ABŞ-nyň Kennedi älem merkezinden ýerli wagt bilen sagat 16:49-da üstünlik bilen uçuryldy. Älem gämisi uçurylanyndan 36 sagat soň Halkara Emeli hemra bekedine baryp ýeter.

Ýene degişli makalalar

Tramp wezipelere belledi
Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi
Altun: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýdi
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Ilkinji agaç hemra uçuryldy
Kosmos internetini ýola goýar