Prezident Erdogan Hindistanda Saparda Bolýar

G-20-nyň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Hindistana giden Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Täze Delide, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Prezident Erdogan garşylama dabarasyndan soň sammitiň geçiriljek merkezine geldi.

Prezident Erdogan “Bir dünýä” temasy bilen geçirlen gününiň ilkinji oturlyşygyna gatnaşdy.

Beýleki tarapdan Prezident Erdogan Täze Delide iki çäk duşuşyklar geçirýär.

Erdogan, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumiony kabul etdi, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan soň bolsa Braziliýanyň Prezidenti Lula de Silwa bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykda Türkiýe bilen Braziliýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň, Hindistanyň, Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy
Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar
Hindistan ballistik raketa synagyny geçirdi
Rişi Sunagyň gaýyn enesi Hindistanyň Parlamentiniň ýokary palatasyna deputatlyga hödürlendi