Prezident Erdogan Günorta Koreýa gynanç bildirdi

Prezident Erdogan Günorta Koreýa gynanç bildirdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Günorta Koreýada başdan geçirilen uçar heläkçiliginde ýogalan adamlar sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi.

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Dostlukly ýurt Günorta Koreýa Respublikasynyň Muan halkara howa menzilinde başdan geçirilen uçar heläkçiligi bizi çuňňur gynandyrdy. Wakada ýogalan adamlaryň maşgalalaryna, dostlukly Günorta Koreýanyň halkyna we hökümetine öz adymdan we milletimiň adyndan gynanç bildirýärin" diýip habar berildi.

Taýlandyň Bangkok şäherinden ýola çykan Jeju Air howa ýollary kärhanasyna degişli ýolagçy uçary Günorta Koreýada gonuş zolagynyň çäklerinden çykyp, diwary süsüpdi.

Düzüminde 175 ýolagçy we 6 ekipaž jemi 181 adamyň bolan uçarda, 179 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.

Günorta Koreýanyň hökümedi 4-nji ýanwara çenli milli derejede ýas yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Tailandda 200-den gowrak maýmyn saklawhanadan gaçdy
Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Prezident Erdogan Malaýziýa Gitdi
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Germaniýanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy