Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Waşingtondaky NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen ABŞ-na gitmeden ozal Esenboga howa menzilinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Ertir başlajak sammitden tamalarynyň ýaranlaryň milli howpsuzlyk duýgurlygyny göz öňünde tutup, bileleşigiň raýdaşlygyny we agzybirlik ruhuny güýçlendirýän netijeleri gazanmakdygyny aýdan prezident Erdogan: "Terrora garşy göreş we ýaranlaryň arasynda goranyş senagaty söwdasynyň öňündäki päsgelçilikleriň aýrylmagy babatynda kabul eden kararlaryň durmuşa geçirilmegi möhümdir.

Geçirjek duşuşyklarymyzda ýakyn töweregimiz başda bolmak bilen dünýäde artan terror howpuna ünsleri çekeris.Terror guramalaryna garşy tutanýerli we umumy görnüşde göreş alyp barmak babatynda NATO-nyň tagallalarynyň artdyrylmagynyň zerurdygyny nygtap geçeris" diýip habar berdi.

Türkiyäniň NATO-nyň missiýalaryna we operasiýalaryna iň köp goşant goşan ilkinji 5 ýurduň biridigini ýatladan prezident Erdogan: "Biz ýük paýlaşmakda öz jogapkärçiligimizi artykmajy bilen ýerine ýetirýäris. Gury ýerde, deňizde we howada özgerden mümkinçiliklerimiz bilen NATO-nyň esasy ýurtlarynyň hatarynda durýar" diýip mälim etdi.

Prezident Erdogan sammitde Gazada palestinanyň halkyna garşy edilýän gyrgynçylygy gün tertibe getirjekdiklerini aýdyp: "Bu elhençligiň öňünde halkara jemgyýetiň Ysraýyly duruzmakda ýeterlik däldigini we Palestinada adalatly hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmadan global wyždanyň arkaýyn ýagdaýda ýaşamagynyň mümkin bolmajakdygyny nygtap geçeris" diýip beýan etdi.

Kataryň paýtagty Doha şäherinde Ysraýyl-Palestina arasynda ot açmazlyk babatynda düýpli gepleşikleriň geçirilýändigini aýdan prezident Erdogan: "Nesip bolsa iň gysga wagtda garaşýan netijämizi alarys" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Çigari ýaşaýyş zolagyny basyp aldy
Prezident Erdogan ertir ABŞ-na gider
ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow öz işini tamamlady
Billstrem Türkiye Bilen Gatnaşyklaryň Kämil Derejededigini Beýan Etdi