BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident R. T. Erdogan, Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakisi kabul etdi.
Türköýünde bolan kabul edilşige Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Gresiýanyň Daşary işler ministri Gerapetritis hem gatnaşdy.
Erdogan bilen Mikotakis, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardaky oňyn atmosferanyň dowam etdiriljekdigini nygtady.
Liderler, 5-nji sentýabrda Ankarada daşary işler ministrleri derejesinde geçirlen maslahatda ylalaşyk gazanylan ugurlary ara alyp maslahatlaşdy.
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda oktýabr aýynda iki ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary duşuşar, noýabr aýynda hem Ynamy artdyryjy çareler konferensiýasy geçirler.
7-nji dekabrda Gresiýanyň Salonik şäherinde Türkiýe-Gresiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty geçirler.
Erdogan bilen Mikotakis kabul edilşikde sebitara we halkara meseleler hakynda hem pikir alyşdy.
Ortaýer deňizinde başdan geçirlen tebigy apatlar we howa çalşygy meselesi hem gün tertibinde esasy orun eýeledi.
Prezident Erdogan, Mikotakis bilen bolan duşuşygyndan soň sosial mediadan beren habarnamasynda, duşuşygyň iki ýurt üçin düşümli bolmagyny diledi.
Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde Günorta Afrikanyň Prezidenti Ramaphosa bilen duşuşdy.
Duşuşykda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Erdogan duşuşykdan soň beren habarnamasynda “Türkiýe hökmünde Afrika ýurtlary bilen edýän ýakyn hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris” diýdi.
Prezident Erdogan, Malaýziýanyň Premýer-ministri Enwer Ibrahimi hem kabul etdi.
Kabul edilşikde sebitara we halkara meseleler bilen iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk meselesi seljerildi.
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkdaky Türköýünde Amerikan ýehudi jemagatynyň wekilleri we türk raýatlary bilen hem duşuşdy.