Prezident Erdogan Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ysraýylyň genosid jenaýatçysy premýer ministri Binýamin Netanýahunyň, Halkara jenaýat kazyýetiniň (HJK) kararyna boýun bolmagyna garaşmaýandygyny, emma Ysraýyla garşy bolan ýurtlaryň abraý ugrundaky göreşinde üstünlik gazanmak nukdaýnazaryndan kararyň möhümdigini beýan etdi.

Prezident Erdogan geçen hepdäniň ahyrynda Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi.

Talyplaryň biriniň "HJK-niň Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň tussag edilmegi bilen bagly kararyna nähili garaýarsyňyz?" soragyna Erdogan: "HJK örän dogry we adalatly bir karar kabul etdi. Ýöne öň kabul edilen kararlarada Netanýahu hiç haçan boýun bolmandyr.

Bu gezekki kararynada boýun bolmaz.Boýun bolsada, bolmasada bu kararyň kabul edilmegi, Ysraýyla garşy bolan ýurtlaryň abraý ugrundaky göreşinde üstünlik gazanmak nukdaýnazaryndan karar möhümdir" diýip habar berdi.

Dünýäniň örän çylşyrymly bir döwrüni başyndan geçirýändigini aýdan Erdogan: "Indi ABŞ-da Donald Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki dolanşyk hökümediň başyna geçdi. Tramp bilen ABŞ-daky täze dolandyryş nähili emele geler, ony hem göreris. Bularyň ählisi bilen birlikde dünýä örän düýpli üýtgeşiklige tarap barýar. Şonuň üçin biziň öňümizdäki 2-3 aý örän möhüm" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny
Dünýä Gazada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi
Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Netanýahu Husilere Hemle Atdy
Netanýahu bilen Baýden 2 Aý Soň Ilkinji Gezek Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi