Prezident Erdogan Finlýandiýanyň Prezidentiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi

Prezident Erdogan Finlýandiýanyň Prezidentiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Türkiyäniň Beýik Millet mejlisindäki maslahatyndan soň metbugat işgärleriniň Finlýandiýanyň NATO agzalygy bilen bagly soraglara jogap berdi.

Prezident Erdogan: "Tapgyr nähili bolsa, şol tapgyry dolandyrarys. Öz üstümize düşýän wezipäni ýerine ýetirris. Beren sözümizde durarys. Anna güni gelsin, hormatly Prezident bilen duşuşyk geçirip, beren sözümizi ýerine ýetireris" diýip mälim etdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niinistýo Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda 16-17-nji mart aralygynda Türkiyä iş saparyny gurajakdygy habar berildi.

17-nji martda anna güni Stambulda geçiriljek duşuşyklarda, Türkiye-Finlýandiýa gatnaşyklary ähli taraplaýyn gözden geçiriler, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin edilip bilinjek ädimler ele alynar.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde NATO Madrid sammitiniň çäginde gazanylan Üçtaraplaýyn memorandumyň esasynda Finlýandiýanyň NATO agza bolmak üçin tutan ýüz tutmasy, Türkiye-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary bilen sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Türkiye 28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherindäki NATO sammitinde agza bolmak üçin ýüz tutan Finlýandiýany we Şwesiýany weto edýär.

Terror guramalaryny açyk ýagdaýda goldaýan iki ýurt bilen protokola gol çeken Ankara berilen wadalaryň berjaý edilmegine garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Wengriýada Saparda Bolýar
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Ukraina Russiýa Bilen Söweşde Iň Agyr Gyşyny Başdan Geçirip Biler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Şols Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmek baradaky kararyny takdyr edýändigini belledi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary