Prezident R. T. Erdogan, dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi üçin gynanç bildirdi.
Erdogan, sosial mediadan beren habarnamasynda, “ Gadyrly kärdeşimiň we doganymyň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyna gynanç bildirýärin. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Raisa Beýik Biribardan rehnet dileýärin” diýdi.
Erdogan, “Merhum Raisi bilen birlikde dik uçar heläkçiliginde ýogalan Eýranyň Daşary işler ministrine we beýleki adamlara hem Alladan rehnet dileýärin. Eýran Yslam Respublikasynyň dini lideri Jenap Ali Hamaneýiň başda durmagynda dost we doganlyk eýranyň halkyna, hökümetine, Jenap Raisiniň we beýleki merhumlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirýärin” diýdi.
Prezident Erdogan “Eýranyň halkynyň we sebitimiziň durnuklylygy üçin uly tagalla eden Jenap Raisini uly hormat bilen hatyralaýaryn. Türkiýe hökmünde goňşy ýurt Eýrana goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.