Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 3-4-nji iýul aralygynda geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşar.
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirer.
6-njy iýylda Azerbaýjanyň Şuşa şäherindäki Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşjak prezident Erdogan, ondan 3 gün soň bolsa NATO agza ýurtlaryň Liderler sammitine gatnaşmak maksady bilen ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine gider.
Ol ýerde ABŞ-nyň prezidenti Jo baýden bilen duşuşyk geçirjek prezident Erdogan, ondan soň bolsa Kipr Parahatçylyk operasiýasy bilen bagly geçiriljek dabaralara gatnaşmak maksady bilen 20-nji iýulda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna gider.